Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Ukrainanyň demirýol infrastrukturasyna zarba urdy


Rus goşunlary 17-nji sentýabra geçilýän gije Ukrainanyň demirýol infrastrukturasyna giňişleýin hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň demirýol kompaniýasynyň başlygy Oleksandr Pertsowskiý aýtdy.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, zarbalar podstansiýalara uruldy.

"Otlylaryň käbiri üýtgedilen marşrutlar boýunça gatnaýar, eýýäm 20 sany ätiýaçlyk teplowozy işe girizildi. Dispetçerlerimiz birnäçe otlyny howpsuz aralykda saklady" diýip, metbugat üçin ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Şäher etegindäki otly gatnawlarynyň bir bölegi, şol sanda Znamenka - Şewçenko - Çerkassy, Znamenka - Myronowka, Znamenka - Pomoşno, Kolosowka - Znamenka (Kropynytskiý stansiýasyna çenli gysgaldylan ýol), Pomoşnaýa - Znamenka (marşrut Sakarna wokzalyna çenli gysgaldyldy) ugurlaryndaky gatnaw ýatyryldy.

Mundan başga, köp ugurdaky gatnaw, şol sanda halkara gatnawlary gijikdirilýär. Kompaniýa Çelmde we Przemyslde başga ugra geçirmeleri guramak, otlularyň garaşmagy we serhet gözegçiligini çaltlaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Çerkasy we Kirowohrad sebitlerinde hüjüm möhüm infrastruktura desgalaryna gönükdirildi. Çerkasy sebit administrasiýasynyň başlygy Igor Taburetsiň aýtmagyna görä, hiç kim ýaralanmady. Kirowohrad sebitinde, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, urlan zarbalar netijesinde üç ýerde ýangyn döredi, gyssagly kömek gullugy wakanyň bolan ýerinde işleýär.

Rus goşunlary Herson sebitiniň Inhulets obasyna hem howa hüjümini etdi. Sebit administrasiýasynyň başlygy Serhiý Prokudiniň sözlerine görä, üç aýal we üç ýaşly gyz ýaralandy. Olar zarba urlan wagtynda öýlerinde eken. Hemmesi keselhana äkidildi.

XS
SM
MD
LG