Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina basyp alnan ýerlerden ýene 16 çagany yzyna getirdi


Ukraina basylyp alnan ýerlerden ýene 16 çagany yzyna getirdi diýip, Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak sosial ulgamlarda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, çagalaryň yzyna gaýdyp gelmegi “Bring Kids Back UA” başlangyjy we “Ukrainany halas et” toparynyň kömegi bilen mümkin boldy.

"15 ýaşly bir gyz, ene-atasy we uly dogany ruslar tarapyndan galp aýyplamalar bilen uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenden soň, daýzasy bilen basylyp alnan ýerden çykdy. 14 ýaşly gyz we onuň 7 ýaşly uýasy ýaşaýan jaýlaryny doly ýok eden ýangyndan soň ähli zatlaryny ýitirdi" diýip, ol aýtdy.

"Ýene 15 ýaşly gyz we onuň ene-atasy üç ýyllap tas öýden çykman ýaşady, sebäbi maşgala her gün basybalyjylaryň gapyny kakyp, çagalary alyp gitmeginden gorkup ýaşady. Basyp alyş gullugy 10 ýaşly oglany ene-atasyndan alyp gitmäge synanyşdy" diýip, ol ýene birnäçe çaga barada hem maglumat berdi.

"Häzir olaryň hemmesi Ukrainada howpsuz ýagdaýda, psihologiki goldaw alýarlar, resminamalaryny dikeldýärler we täze, asuda durmuşa tarap ilkinji ädimlerini ädýärler. Bu çagalary halas etmekde bize kömek edendigi üçin "Ukrainany halas et" toparyna we hyzmatdaşlarymyza sag bolsun aýdýarys. Prezidentiň ähli ukrain çagalaryny yzyna gaýtarmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirýäris" diýip, Ýermak ýazdy.

Ukraina müňlerçe ukrain çagasynyň Russiýa bikanun qkidilendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG