Aşgabatlylar Baýramçylyk öňündäki awtobus kynçylyklaryndan 'nägile bolýar'

Aşgabatly ýolagçylar. Arhiw suraty

Paýtagtyň ýaşaýjylary 15-nji sentýabrda işe girizilen täze awtobuslaryň hözirini bary-ýogy ikije gün gördüler, şondan soň olaryň awtobus begençlerine ‘göz degdi’ diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär. Ýolagçylaryň begençlerine hakykatda göz däl-de, häkimiýetleriň ‘berk ýapyşan çäre syýasaty’ degdi diýip, ýerli synçy aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarlaryndan görnüşi ýaly, Türkmenistan sentýabryň aýagynda belleniljek Garaşsyzlyk baýramyna uly taýýarlyk görýär we, adatça bolşy ýaly, bu taýýarlyk çärelere gatnaşmak üçin taýýarlanylýan adamlary köçelerde ser-sepil edýär.

Kösençlikler adamlaryň gaharyny getirýär

“Mejbury çärelere gatnaşmaly bolan býujet işgärleri we talyplar Aşgabadyň köçelerinde, duralgalarda, pyýada ýollarynda, geçelgelerde ser-sepil bolup, paýtagtyň günortasyndan geçýän Çandybil şaýoluna, munberiň ýanyna her gün gatnamaly bolýarlar. Bu kösençlik adamlaryň gaharyny getirýär, olaryň arasynda hökümetden nägileligini dile getirýän, tankydy gürrüňleri edýän adamlar hem köpelýär” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, adamlaryň bildirýän nägilelikleri MHM-niň agentleri tarapyndan derrew gerek ýerlerine ýetirilýär we hökümet ýolbaşçylary bu hili maglumatlaryň, pikirini aýdýan ýaşulularyň we ýaşlaryň barha köpelmeginden biynjalyk bolýar.

Degişli maglumat Aşgabatlylar üçin Hytaýdan ýüzlerçe awtobus satyn alyndy


“Hökümet emeldarlary jemgyýetçilik transport kärhanasynyň ýolbaşçysyna çärelere gatnaşýanlary köçelerde ygyp, gep bolup ýörmez ýaly etmegi tabşyrdy. Bu ýazmaça däl, dilden berlen görkezme. Şu sebäpden indi köçelerde sürlenişip ýören çäreçiler taýýarlyk görülýän ýerlere jemgyýetçilik awtobuslarynda gatnadylmaly edildi” diýip, bu ynjalyksyzlygy ýagdaýdan habarly çeşme hem tassyk etdi.

Netijede, aýdylmagyna görä, Garaşsyzlyk baýramyny ‘bezejek’ çäreçiler münberiň öňündäki taýýarlyk meýdançasyna indi, 17-nji sentýabrdan başlap, awtobusly barýarlar.

“Çäreçileri irden münberiň öňüne getirip düşüren awtobuslar soň öňki işlerine, şäherdäki ýolagçylara hyzmat etmäge gaýtman, 4, 5 kilometr daşlykda, ýoluň gyrasynda hatara düzülip, işsiz durýarlar we öýleden soň bu ýere getiren adamlaryny yzlaryna, şähere alyp gaýdýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

“Hökümet 'meniňki bitsin, seniňki ýitsin' diýlenini edýär"

Aşgabatly hünärmen häkimiýetleriň çäreçileriň edýän gaharly gürrüňlerini, olaryň köçelerdäki başagaýlyklaryny azaltmak üçin beren görkezmesiniň Aşgabadyň köçelerinde gowulaşan awtobus gatnawynyň ýene-de ýaramazlaşmagyna getirendigini aýtdy.

“Indi işe, okuwa barýan ýolagçylar, awtobus bolmansoň, geçip barýan ulaglara el galdyryp, gyssanyp, telefon arkaly taksi çagyryp, käýinip durmaly bolýarlar. Ozal çäreçiler nägile bolan bolsalar, indi adaty ýolagçylar gaharlanýarlar” diýip, hünärmen aýtdy.

“Hökümet meniňki bitsin, seniňki ýitsin diýlenini edýär. Ýa hökümet emeldarlary awtobuslary çäreçileri gatnatmaga geçirenlerinde, ‘paýtagtyň ýolagçylary näder ýa nähili ýagdaýa düşer?’ diýip pikir edip bilmeýärmikä? Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä dat günümize” diýip, duralgada duran orta ýaşlaryndaky zenan aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşleri ýurduň baş şäheriniň awtobus gatnawynyň diňe baýramçylyk wagtynda däl, öňem meselesiniň az däldigini aýdýarlar.

“Hunday” kysymly awtobuslar aşgabatlylary bäş ýyl çemesi işe, okuwa, beýleki barjak ýerlerine gatnadyp, bäş ýyldan gowrak wagtda ‘tozdy’ diýsek-de bolar, soňky bir ýylda olaryň işlän wagtyndan duran wagty köp boldy” diýip, ýagdaýy bilýän hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat Sowet döwründen galan köne awtobuslar köçelerden aýryldy, täze awtobuslar azlyk edýär – Türkmenabat


Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý adamlarda köp kynçylyk döretdi, olaryň goşmaça çykdajy etmeklerine sebäp boldy. Duralgalarda durup, gymmatly wagtyny ýitiren adamlar hemişe diýen ýaly döwletiň jemgyýetçilik transporty meselesini ‘30 ýyllap gutarnykly çözüp bilmändigini, hususy eýeçilige berseler, bu ýerde çözülmejek meseläniň ýokdugyny’ aýdýarlar.

Awtobuslar wagtly-wagtynda edilmeli tehniki hyzmata mätäç

Awtobuslarda ýüze çykýan tehniki näsazlyklar diňe awtobuslaryň könelmegi bilen bagly däl, olara wagtly-wagtynda zerur bolan tehniki hyzmatlar edilmeýär, bu ýagdaý jemgyýetçilik ulaglarynyň wagtyndan has öň hatardan çykmagyna getirýär diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen iki sürüji aýtdy.

Olaryň tassyklamagyna görä, ulagyň hereketlendirijisine guýulýan ýagyň wagtynda täzelenmezligi hereketlendirijiniň tiz bozulmagyna getirýär.

Saklaýjy kolotkalaryň wagtynda täzelenmezligi bolsa, saklaýjy halkasynyň ýukalyp, ahyrynda döwülmegine, awtobuslary gerekli ýerinde saklap bolmazlygyna getirýär, ýöne ýurtda ýol hadysalaryna şaýat bolýan adamlar köp bolsa-da, maglumat ýapyklygy anyk sanlary getirmäge mümkinçilik bermeýär diýip, paýtagtly sürüji aýtdy.

Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz häkimiýetleriň ilat üçin sowadyjysyz awtobuslary satyn alyp, pul tygşytlaýandygyny, tomsuň jokrama yssysynda olaryň içinde oturar ýaly bolmaýandygyny, hasam garrylaryň, çagalaryň gaty horlanýandygyny gürrüň berdiler.

Emma muňa garamazdan, söhbetdeşlerimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda awtobus hyzmatlarynyň, ýylyň dowamynda, umuman, öňki döwürdäkiden has gowulanandygyny, hususy awtoulagly adamlaryň, taksileriň hem has köpelendigini aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.