Gyrgyz kazyýeti adam hukuklary aktiwistine şertli iş kesdi, $572 jerime saldy

Rita Karasartowa

Bişkegiň Swerdlowsk etrap kazyýeti adam hukuklary aktiwisti Rita Karasartowany köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda günäli tapyp, bäş ýyl synag möhletine (şertli tussaglyga) höküm etdi we 50 000 som (takmynan 572 dollar) jerime saldy.

Bu habary Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy çap etdi.

Ol köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda (Jenaýat kodeksiniň 278-nji maddasynyň 3-nji bölümi) we häkimiýeti zor bilen ele geçirmäge ýa-da zorluk bilen saklamaga çagyrmakda günäli tapyldy (Jenaýat kodeksiniň 327-nji maddasy).

Adam hukuklaryny goraýjy şu ýylyň 14-nji aprelinde tussag edildi. Ol özüniň ýanalmagyny Tilekmat Kudaibergen uulunyň (Kurenow) çap etmegini sorap ýazan hatyny Facebook sahypasynda çap etmegi bilen baglanyşdyrdy.