Türkmen metbugaty şu ýylyň 8–13-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda hem-de Daşoguz sebitinde onkologiýa kesellerini anyklamak we bejermek boýunça berilýän lukmançylyk kömeginiň ýagdaýyna baha bermek üçin “imPACT” atly gözden geçiriş missiýasynyň geçirilendigini habar berýär.
Bu missiýa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi (IAEA) we Ragy öwrenmegiň Halkara agentligi (IARC) bilen hyzmatdaşlyk esasynda guralypdyr. Missiýanyň maksady — Türkmenistanda onkologiýa kömeginiň ulgamyny seljermek we ony berkitmek üçin amaly teklipleri taýýarlamakdan ybarat diýip, habarda bellenýär.
Topar Aşgabatda we Daşoguzda birnäçe saglygy goraýyş edarasyna - hassahanalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň, uniwersitetleriň hem-de ilkinji lukmançylyk-sanitar kömek nokatlarynyň işi bilen tanşypdyr. Hususan-da olaryň Onkologiýa ylmy kliniki merkezine, Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasyna we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine aýlanandygy bellenýär.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýaşaýjylar soňky ýyllarda ýurtda onkologiýa keselleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelendigini, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň goly ýuka maşgalalaryň zerur we gyssagly saglyk kömeklerini almagyny örän kynlaşdyrýandygyny habar berýärler.
Türkmenistan dürli keselçilikler we näsaglaryň ýagdaýy, daşary ýurtlarda saglyk syýahatyna çykmaly bolýan adamlaryň kynçylyklary baradaky maglumatlary açmaýar.
Degişli maglumat Türkmenabatda çagalaryň arasynda hassalyk ýaýraýar, derman gymmatlaýar