Roýters: ABŞ Ukraina ýaranlar tarapyndan maliýeleşdirilýän ilkinji ýarag toplumyny tassyklady

Bezeg suraty

Tramp administrasiýasy, Ukrainanyň ileri tutulýan talaplary mehanizminiň çäginde, Ukraina ilkinji harby kömegiň iberilmegini tassyklady diýip, "Roýters" habar gullugy bu ýagdaýy bilýän iki çeşmä salgylanyp habar berdi.

Täze mehanizm Waşingtonyň Pentagon ätiýaçlyklaryndan Kiýewe bahasy NATO ýaranlary tarapyndan tölenen harby kömekleri ibermegini üpjün edýär.

Habar berişlerine görä, Pentagonyň başlygynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Elbrij Kolbi her biriniň bahasy 500 million dollar bolan iki ýüküň iberilmegini tassyklady.

Agentligiň çeşmeleri Kiýewe iberiljek ýaraglaryň takyk sanawyny aýtmakdan saklandy, ýöne bukjanyň, rus zarbalarynyň sanynyň üzül-kesil artmagy sebäpli, Ukraina gaty zerur bolan howa goragy ulgamlaryny öz içine alýandygyny habar berdiler.

"Bu olaryň soran zatlary. Başga-da köp zat" diýip, “Roýtersiň” söhbetdeşleri aýtdy. "Häzirki wagtda hut şu tapgyr olara ýagdaýy durnuklaşdyrmaga mümkinçilik berer."

ABŞ-nyň Döwlet departamenti mundan öň Ukraina 3,350 sany giňeldilen aralyk hüjüm (ERAM) raketasynyň satylmagyny tassyklady. Bu raketalaryň we enjamlaryň umumy bahasy 825 million dollar boldy.

Bu mukdardaky pullar Daniýa, Hollandiýa we Norwegiýa, şeýle-de ABŞ-nyň daşary ýurt harby maliýeleşdirmeleri tarapyndan tölener.