- Russiýa Merkezi Aziýadan bolan migrantlara garşy basyşlaryny güýçlendirip, indi olaryň çagalarynyň bilim almagyny we ýurda girmegini çäklendirýär.
- On ýaşly gyrgyz gyzyna kesgitlenmedik immigrasiýa düzgünlerini bozandygy sebäpli bäş ýyl Russiýa girmek gadagan edildi.
- Täze düzgünler migrant çagalardan dil synaglaryny geçmegi we kanuny ýagdaýyny subut etmegi talap edýär. Bu bolsa mekdepde okaýan çagalaryň we öýlerine dolanýan maşgalalaryň düýpgöter azalmagyna getirýär.
Aizura we onuň 10 ýaşly gyzy ýakynda Gyrgyzystandan Russiýa gaýdyp gelip, maşgalasy bilen birleşmegi meýilleşdirýärdi. Olar Gyrgyzystandan Moskwanyň howa menziline çenli geldiler. Soňra Russiýanyň, barha artýan ýanamalara, kanuny basyşlara we ýowuzlyklara sezewar bolýan merkezi aziýaly migrantlara garşy basyşlary olara hem öz täsirini ýetirdi.
Jezalandyrylmakdan aladalanyp, lakam ulanan Aizura we onuň gyzy howa menziliniň ýolbaşçylary tarapyndan 12 sagat töweregi tussaglykda saklandy. Bu waka, döwlet kampaniýasynyň migrant işçileriň çagalaryny öz içine almagy, olaryň köpüsiniň rus mekdeplerinde okamagyna ýa-da ýurda girmegine gadaganlyk girizilmegi bilen, has-da giňeldilýändigine aýdyň yşarat edýär.
Howa menziliniň işgärleri Moskwanyň Krasnoselskiý etrap migrasiýa müdirligi tarapyndan 6-njy sentýabrda çykarylan we gol goýlan resminamany görkezip, gyzyň kesgitlenmedik immigrasiýa düzgünlerini bozandygy baradaky resmi haty berdiler.
“Olar maňa “Biz siziň çagaňyzy [ýurda] goýbermeris” diýdiler” diýip, Aizura Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren maglumatynda gyzynyň birinji synpdan bäri Moskwadaky mekdepde okaýandygyny aýtdy.
“Gyzym 10 ýaşynda. Ol haýsy kanuny bozdy?” diýip, ol sözüne goşdy.
Adamsy we uly gyzy Russiýada galan Aizura özleriniň “türmä meňzeş otaga zor bilen salnandygyny we demir oturgyçlarda oturmaga mejbur edilendigini” aýtdy.
“Iki gatly krowatlar örän gözgyny ýagdaýdady” diýip, ol belledi.
Aeroportyň resmileri olara mekdep okuwçysynyň Russiýa girmegine bäş ýyl möhlet bilen gadaganlyk girizilendigini habar berdiler.
“Olar maňa we gyzyma köp basyş etdiler” diýip, Aizura sözüne goşdy.
Howa menziliniň işgärleri Moskwanyň Krasnoselskiý etrap migrasiýa müdirligi tarapyndan 6-njy sentýabrda çykarylan we gol goýlan resminamany görkezip, gyzyň kesgitlenmedik immigrasiýa düzgünlerini bozandygy baradaky resmi haty berdiler.
“Men hemme zady [oýlanyp], ölçänimden soň, Gyrgyzystana dolanmak kararyna geldim... Men olaryň indi islendik adamyň [ýurda girmegine] gadaganlyk girizýändigini we deportasiýa edýändigini eşitdim” diýip, 10 ýyl Moskwada ýaşan we işlän Aizura aýtdy.
Russiýa, onlarça ýyl bäri azar bermeler we diskriminasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolan millionlarça merkezi aziýalynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugry bolup gelýärdi.
Emma “Yslam döwleti-Horasan” ekstremist topary 2024-nji ýylyň mart aýynda Moskwanyň golaýyndaky konsert zalyna hüjüm edip, 150 töweregi adamyň ölmegine sebäp bolandan soň, migrantlara garşy hüjümler we diskriminasiýa güýçlendi. Bu hüjüme gatnaşandygy aýdylýan birnäçe täjik raýaty tussag edildi.
Bu gyrgynçylyk Merkezi Aziýa ýurtlaryndan on müňlerçe raýatyň Russiýadan deportasiýa edilmegine ýa-da Russiýa girmegine gadagançylyk girizilmegine, şeýle-de başga-da köpüsiniň, olar tarapyndan ksenofob atlandyrylýan, hüjümlere sezewar bolmagyna getirdi.
Geçen aý täjigistanly migrantlaryň onlarçasy Russiýanyň häkimiýetleriniň olary bir hepdeden gowrak wagtlap Moskwanyň Žukowskiý howa menzilinde saklandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosy bilen paýlaşylan wideoýazgylarda türmelerdäki ýaly demir krowatlar bilen örtülen otagda onlarça adamyň gabalandygyny görse bolýar.
Häkimiýetler munuň bilen hem çäklenmedik ýaly bolup görünýär.
Indi merkezi aziýaly migrantlaryň çagalary hem nyşana alynýar.
Ýakynda täjigistanly bir mekdep okuwçysy Moskwadaky mekdebinden kowuldy. Muňa resmi sebäp hökmünde okuwçy gyzyň ene-atasy heniz-de rus paýtagtynda ýaşaýan bolsa-da, olaryň Täjigistana dolanandygy görkezildi.
“Okuwçy gyzyň ene-atasy heniz-de şol ýerde [rus paýtagtynda] işleýär. Emma olaryň hödürlän resminamalarynda olaryň ýaşaýan ýerleriniň üýtgändigi aýdylýar. Olar ony mekdepden çykardylar we biz ony Täjigistana getirmäge mejbur bolduk” diýip, okuwçy gyzyň garyndaşy Ahlia Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda aýtdy.
Degişli maglumat Russiýada Merkezi Aziýanyň raýatlary yzarlanýar, aeroportda gabalýarTäjigistanyň Bilim ministrliginiň resmisiniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatyna görä, ozal rus mekdeplerinde okan 3700-den gowrak mekdep okuwçysy Täjigistana dolanmaga mejbur boldy.
Häkimiýetler migrantlaryň çagalaryny rus mekdeplerine kabul etmek boýunça has berk düzgünler girizdi. Indi olar berk dil synagyndan geçmeli we Russiýadaky kanuny statusyny subut etmeli bolýarlar.
On ýyl bäri Moskwada ýaşaýan Aigul Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda täze dil synagyndan geçip bilmedik gyzynyň häzirki wagtda mekdebe gitmeýändigini aýtdy. Ol ýene üç aý soňra bu synagy gaýtadan tabşyryp bilýär.
“Näme üçin beýle edýändiklerini bilemizok. Aslynda köp çaga synagdan geçip bilmedi. Köpler alada galýar” diýip, Aigul belledi.
Şu okuw ýylynda rus mekdeplerinde okamak üçin ýüz tutan migrant çagalaryň takmynan 87 göterimi ret edildi diýlip, “Rosobrnadzor” ady bilen tanalýan Russiýanyň Bilim we ylym boýunça federal gözegçilik gullugy 11-nji sentýabrda çap eden täze hasabatynda mälim etdi.
“Rosobrnadzor” 3 müňden hem az çaganyň ýa-da dalaşgärleriň takmynan 13 göteriminiň hökmany rus dili synagyndan geçendigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.