Tramp: ABŞ Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryndan Bagram harby bazasyny yzyna almaga çalyşýar

2017-nji ýylda ABŞ esgerleri Bagram bazasynda Roždestwony belleýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryndan Bagram howa bazasyny yzyna almaga synanyşýandygyny aýtdy. Ol muny ekstremist toparynyň ABŞ-nyň kömegine mätäçligi we bu harby desganyň Hytaýyň ýadro desgalaryna ýakynlygy bilen ilteşdirdi.

Tramp bu baradaky çykyşyny 18-nji sentýabrda Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer bilen geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda etdi.

“Biz ony (Bagram bazasyny) yzyna almaga çalyşýarys, sebäbi olar (Talyban ýolbaşçylary) bizden zatlara mätäç” diýip, Tramp jikme-jikleri getirmän aýtdy.

Ol sözüni dowam etdirip: “Emma bu bazany islemegimiziň esasy sebäpleriniň biri, onuň Hytaýyň ýadro ýaraglaryny öndürýän ýerinden bir sagat uzaklykda ýerleşmegidir. Şol sebäpden köp zatlar bolup geçýär” diýip belledi.

ABŞ-nyň uçary Bagram bazasyna gonýar. 2021 ý.

Tramp maý aýynda hem Kabuldan 40 kilometrlik uzaklykda ýerleşýän bu uly bazanyň elden gidirilmegine lapynyň keç bolandygyny mälim edipdi. Şonda ol Bagramyň “Hytaý tarapyndan okupasiýa edilendigini” aýdypdy.

Tramp hem-de beýleki amerikan resmileri onuň “bazany yzyna almak” diýen sözleriniň anyk manysyny düşündirmediler we bu ugurda resmi gepleşikleriň geçirilendigini takyklaşdyrmadylar.

“Talyban” ýolbaşçylary Trampyň bu baradaky çykyşlaryna bada-bat teswir bermediler.

Owganystandaky içerki durnuksyzlyk, tebigy betbagtçylyklar, garyplyk we terrorçylykly hüjümler sebäpli kyn ýagdaýda düşen “Talyban”, halkara jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga synanyşýar. Häzire çenli diňe Russiýa “Talyban” bilen resmi diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdy. Günbatar ýurtlary bolsa ilkinji nobatda ýurduň adam hukuklary, esasanam zenanlar we gyzlar boýunça ýagdaýlaryny gowulandyrmalydygyny talap edýärler.

Bagram bazasy Owganystandaky iň uly amerikan harby desgasydy. Ol 2021-nji ýylyň iýul aýynda ABŞ goşunlarynyň çykarylmagynyň we ýurduň soňy bilen “Talyban” tarapyndan doly ele geçirilmeginiň öňýany, ozalky hökümete tabşyrylypdy.

1950-nji ýyllarda sowetler tarapyndan gurlan bu baza ABŞ-nyň Owganystandaky harby gatnaşygynyň iň ýokary döwründe 100 müňden gowrak amerikan esgeriniň geçiş nokady bolupdy. Sowetler 1989-njy ýylda Owganystandan çykdylar, ondan soň dörän graždançylyk urşy müňlerçe adamyň ölümi bilen tamamlandy we 1996-njy ýylda “Talyban” ilkinji gezek Kabuly basyp alyp, häkimiýete geçdi.

Trampyň ilkinji prezidentlik möhletinde ABŞ-nyň Owganystandan goşunlaryny çykarmak baradaky karary yglan edilse-de, bu çäre diňe Jo Baýdeniň prezidentligi döwründe amala aşyryldy. Şonda dörän galagoplukda 13 amerikan esgeri heläk bolupdy.

“Biz Owganystandan çykjakdyk, emma güýç we mertebe bilen gaýtjakdyk. Bagram – dünýäniň iň uly harby bazalarynyň biri – biz ony saklamalydyk. Emma biz ony olara (Talybana) ýöne ýere üçin berdik” diýip, Tramp sözüne goşdy.