2024-nji ýylyň awgust aýynda Kursk şäherine edilen duýdansyz çozuşdan birnäçe aý soň, ukrain güýçleri Russiýanyň harby bölümleri bilen Demirgazyk Koreýanyň goşunlarynyň güýçli basyşyna sezewar bolup, Russiýanyň serhetýaka sebitlerinde öz setirlerini saklamakda kynçylyk çekýärdi.
Soňra täze döredilen we o diýen bir tanalmaýan rus elit pilotsyz uçar bölümi bu basyşy ep-esli derejede artdyrdy.
“Rubikon” (Rubicon) atlandyrylýan gizlin we has uly guramanyň bir bölegi bolan bu bölüm Sudža obasyndaky ukrain pozisiýalaryna zarba urmak we olaryň garşylyk görkezmek mümkinçiligini aradan aýyrmak arkaly, metodiki usulda işledi.
Netijede, Ukraina mart aýynda Kurskdan çykmaly boldy.
Russiýanyň 44 aý töweregi wagt bäri dowam edýän ähli taraplaýyn çozuşynyň dowamynda Ukraina Russiýanyň has uly goşunyna garşy durmak üçin täze ýaraglary we taktikalary oýlap tapmak üçin ugurtapyjylyga we tizlige bil baglap gelýär. Moskwa hem şuňa meňzeş görnüşde jogap berip, taktikalaryny ýuwaş-ýuwaşdan üýtgetdi we öz tehnologiýasyny özleşdirdi.
Rubikon urşuň 1100 kilometrlik öň hatarynda çynlakaý problemalara sebäp bolýar we Ukraina muňa garşylyk görkezmegiň ýollaryny tapmakda kynçylyk çekýär. Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň täze derňewleri bu bölüm we onuň gurluşy barada has köp maglumat berýär.
“Russiýanyň Kurskda güýçli zarba urýan birnäçe [pilotsyz uçar] bölümi bardy, emma Rubikon bu ýerdäki esasy güýçdi. Şol sebäpli Ukraina öz goşunlaryny kadaly üpjün edip bilmedi” diýip, ABŞ-nyň Deňiz gullugynyň öňki ofiseri, häzirki wagtda Daşary syýasat gözleg institutynyň harby analitigi Rob Lee aýtdy.
“Russiýanyň fewral we mart aýlarynda Kursk welaýatynyň ähli bölegini diýen ýaly yzyna alyp bilmeginiň esasy sebäbi şol bölümdi” diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda belledi.
Andreý Belousow
“Rubikon Russiýanyň iň gowy tehnologiki bölümine öwrüldi” diýip, harbylara kömek berýän hökümete degişli bolmadyk Ukrainanyň Howa gözleg-goldaw merkeziniň başlygy Maria Berlinska aýtdy.
“Rubikonyň ajaýyp dolandyryş [ulgamy] bar, yzygiderli işleýär, iň oňat işgärleri saýlaýar, tälim berýär we ähli zerur çeşmeler bilen üpjün edýär. Olar oňa maýa goýýarlar” diýip, Berlinska bu bölümiň nähili işleýändigini bilýänleriň hemmesiniň bir zat bilen ylalaşýandygyny we munuň onuň gaty täsirlidigi we bir ulgamdygy baradadygyny 21-nji awgustda Facebook sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda aýtdy.
2024-nji ýylyň tomsunda, täze bellenen goranmak ministri Andreý Belousowyň buýrugy bilen döredilen bolmagy ähtimal, bu gizlin bölüm Russiýanyň kanuny maglumat bazalarynda ýok bolsa-da, we onuň Goranmak ministrligi bilen baglanyşygynyň bardygy ýa ýokdugy belli däl bolsa-da, ol Ösen pilotsyz ulgamlarynyň Rubikon merkezi diýlip atlandyrylýar.
Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň derňewlerine görä, bölümiň serkerdesi artilleriýa we deňiz pyýada goşun bölüminiň öňki polkownigi 37 ýaşyndaky Sergeý Budnikow ýaly bolup görünýär.
Budnikow Russiýanyň döwlet teleýaýlymynyň alyp baryjysy, Kreml propagandasyny we dildüwşüklerini güýçlendirmek bilen meşhurlyk gazanan Wladimir Solowýowyň fewral aýynyň başynda çap eden bir wideosynda peýda boldy.
Solowýowyň neşir eden we Goranmak ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýleki wideoýazgylara görä, Rubikonyň esasy bazalaryndan ýa-da okuw merkezlerinden biri, Patriot seýilgähiniň sergi we kongres merkezinde ýerleşýän ýaly bolup görünýär.
Moskwanyň günbatar töwereklerinde ýerleşýän we geçmişde uly harby sergiler gurnalan bu desga 22-nji maýda Ukrainanyň pilotsyz uçarlary tarapyndan hüjüm edildi. Desga ýeten zyýanyň gerimi belli däl bolmagynda galýar.
Budnikow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň e-poçta arkaly iberen soraglaryna jogap bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.