Russiýanyň Ukrainanyň demir ýol ulgamyna garşy dowam edýän hüjümleri sebäpli Poltawa regionynda azyndan bäş adam ýaralandy. Şol bir wagtda, Ukrainanyň Russiýanyň içine dron hüjümleri bilen jogap berendigi habar berilýär.
Poltawa oblastynyň Myrhorod etrabynda Russiýanyň hüjümi netijesinde ýangyn döräp, ol soňra adatdan daşary ýagdaýlar gullugy tarapyndan söndürildi diýip, sebit häkimi Wolodymyr Kohut 18-nji sentýabrda Telegramda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu hüjümde bir adam ýaralanypdyr.
Ukrainanyň döwlet demir ýol operatory “Ukrzaliznytsia” edarasynyň maglumatyna görä, öten agşamyň dowamynda zarbalar sebäpli sebitdäki demir ýol stansiýalarynyň elektrik üpjünçiligi wagtlaýyn kesilipdir we ýolagçy otlularyň gatnawy saklanypdyr.
Russiýanyň 18-nji sentýabrda Poltawa amala aşyran zarbalaryndan bir gün öň hem, Moskwa Ukrainanyň demir ýol infrastrukturasyny nyşana alypdy. Bu hüjümler esasan Harkiw we Donetsk sebitleriniň merkezi logistik nokatlaryndaky gatnawlarda bökdençlik döredýär.
Ukrainanyň sebitleri ösdürmek boýunça ministri Oleksiý Kuleba Russiýany Ukrainanyň logistika we raýat infrastrukturasyny bilkastlaýyndan nyşana almakda aýyplady.
Russiýa Ukrana garşy üç ýyldan hem aşa wagt bäri alyp barýan urşunyň dowamynda, raýat infrastrukturasyny nyşana alýandygyny yzygiderli ret edýär, emma barha artýan subutnamalar munuň tersini görkezýär.
Şeýle-de Russiýa Ukrainanyň Kiýew we Çernigow sebitlerine hem hüjüm etdi. Çernigowyň Nižin şäherine urlan zarbada bir halas ediji öldi, ýene ikisi ýaralandy diýip, sebitiň harby wekilleri mälim etdi. Bu hüjüm Ukrainanyň Halas edijiler gününde amala aşyryldy.
Umuman, Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýa tarapyndan atylan 75 dronuň 48-sini ýok edendigini, ýene 26-synyň bolsa alty ýerde nyşana degendigini habar berdi.
Şol bir wagtda, Russiýanyň häkimiýetleri Ukrainanyň güýçleriniň Wolgograd sebitine giň möçberli dron hüjümini amala aşyrandygyny habar berdiler. Sebit häkimi Andreý Boçarowyň sözlerine görä, dronlaryň galyndylary iki hususy jaýyň penjirelerini we üçegini zaýalapdyr.
Mundan başga-da, Russiýanyň resmileri Ukrainanyň dron hüjüminiň Belgorod sebitiniň Şebekino şäherinde bir adamy öldürendigini, onuň doganyny bolsa agyr ýagdaýda ýaralandygyny aýtdylar.
Forum