Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň Daşoguz we Änew şäherlerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sany göz-görtele artdy.
Olaryň köçelerdäki sürüjilere we pyýadalara gözegçiligi güýçlendi, raýatlaryň gije hereketi çäklendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 17-nji sentýabrda Ahaldan we Daşoguzdan maglumat berdiler.
“Häzir orta mekdeplerde, bazarlarda, uly we kiçi ýollarda polisiýa işgärleriniň sany köpeldi. Olar bir tarapdan, pyýada geçelgelerinde çagalaryň ýoldan geçmegine öňürtilik berilmegi üçin nobatçylyk çekýärler. Beýleki tarapdan bolsa, dürli bahanalara salgylanyp, sürüjilere yzygiderli jerime ýazýarlar ýa-da para alýarlar” diýip, ahally ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar Daşoguz şäherinde hem gaýtalanýar. Daşoguzly we ahally ulag eýeleriniň ençemesi bularyň arasynda ulaglaryň hapadygy, olarda goşmaça enjamlaryň ýerleşdirilendigi ýaly bahanalaryň bardygyny belleýär.
"Led çyralary bolsa, ulaglar sähel hapa bolsa..."
“Ulaglarda led çyralaryna hem goşmaça enjam diýýärler we jerime ýazýarlar. Ulaglar sähel hapa bolsa-da, ýene jerime diýýärler. Şeýle-de, polisiýa işgärleri işlemeýän swetaforlaryň golaýragynda bukulyp durýarlar we geçip barýan ulaglary saklap, sürüjilere düzgün bozandyklaryny aýdýarlar. Ýöne swetaforlaryň golaýynda köçe-ýol hereketini kada laýyk dolandyrmak üçin polisiýa işgärini goýmaýarlar” diýip, daşoguzly sürüji belledi.
Sürüjiler bu aýyň başlamagy bilen, swetaforlaryň tiz-tizden bozulmagy bilen bagly wakalaryň hem köpelendigini aýdýarlar. Bellesek, şuňa meňzeş ýagdaýlar barada türkmenabatly ulag sürüjileri hem 8-nji sentýabrda habar beripdiler.
“Köp sürüji jerimä derek 20-25 manat para bermegi makul hasaplaýar. Sebäbi jerimäniň möçberi adatça paranyň mukdaryndan 30-35 manat köp bolýar. Ondan daşary, jerime ýazdyrsaň bankda nobata durup, uzak günüň jerime tölemek bilen geçyär” diýip, ahally ulag sürüjisi aýtdy.
"Ilki jerime planyny dolýar, soňra..."
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli sebitleriň Polisiýa müdirliklerinden teswir alyp bilmedi. Ýöne PÝGG-däki çeşmelerimiz ýol polisiýasynyň sürüjilerden “para almak” tejribesiniň sebäplerini olaryň “öz başlyklaryna para bermäge mejbur bolýandygy” bilen düşündirýär.
“Ýol polisiýasy ilki jerime ýazmak boýunça gündelik resmi plany dolýar. Ondan soňra sürüjilerden para alyp başlaýar. Sebäbi ol işe girmek, işinde saklanyp galmak ýa-da tizlik ölçeýji guraly almak üçin-de 2000 manat para berýär. Olar şunuň öwezini dolmaga çalyşýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenistanda ozalky prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2013-nji ýylda başy başlanan we şondan bäri her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýar.
Türkmen häkimiýetleri biraýlygyň dowamynda ilat arasynda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine, howpsuzlyk sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna üns çekilýändigini aýdýarlar.
"Gije gezmek bolanok"
Ýöne habarçylarymyz, polisiýasyndaky çeşmelerimiz we türkmenistanlylar biraýlygyň dowamynda köçe-ýol hadysalarynyň sanynyň we “para alym-beriminiň” artýandygyny aýdýarlar.
Geçen hepde türkmenabatly sürüjileriň ençemesi “para” sebäpli biraýlygyň dowamynda ulag sürmezlik kararyna gelendiklerini gürrüň berdi.
Bu aralykda, habarçymyz häzir biraýlygyň dowamynda Ahalyň şäherçelerinde we etraplarynda raýatlaryň gije hereketiniň hem çäklendirilýändigini habar berýär.
“Gijelerine toý mekanlarynyň, kafe-restoranlaryň, köpgatly jaýlaryň golaýynda hem gezmek bolanok. Bu ýerlerde nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleri, agşamara salkyn howada gezelenç edýän raýatlara “gije gezmek bolanok” diýip, adamlary kowýan halatlary köpeldi” diýip, ahally ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum